Ï Türkmen alymlarynyň Hindistana ylmy sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alymlarynyň Hindistana ylmy sapary

view-icon 5296
Türkmen alymlarynyň Hindistana ylmy sapary

Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän 2024-nji ýylda Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary daşary ýurtlaryň muzeýlerinden, kitaphanalaryndan we golýazma ammarlaryndan beýik nusgawy şahyryň döwri, durmuş we döredijilik ýoly baradaky täze taryhy maglumatlary işjeň gözlemegi dowam etdirýärler.

21-nji ýanwardan 10-njy fewral aralygynda institutyň bölüm müdiri Geldimyrat Muhammedow we ylmy işgäri Annaoraz Nurmuhammedow bilen ozal mälim bolmadyk ylmy gymmatlyklaryň çeşmelerini ýüze çykarmak, olaryň elektron we kiçi film nusgalaryny almak maksady bilen, ýurduň golýazmalaryny we kitap ýygyndylaryny öwrenmek üçin Hindistan Respublikasyna döredijilik saparyna ugraýarlar.

Alymlar Hindistanyň Nýu-Delidäki Milli muzeýi, Rampurdaky Raza kitaphanasy, Bangiýa Sahitýa Parişat edebiýat jemgyýeti we Kalkuttadaky Aziýa jemgyýeti ýaly esasy medeniýet, ylym we taryh merkezlerinde agtaryş işlerini geçirerler. Hindistanyň Milli muzeýiniň ýygyndysynda 200 000-den gowrak hindi we daşary ýurtly sungat eserleri we golýazmalar bar. XVIII asyryň ahyrynda döredilen Rampurdaky Raza kitaphanasy hindi-yslam medeni mirasynyň saklanýan ýeridir. Bu hazynada arap, pars, türk, hindi, puştu, sanskrit we beýleki dillerde ýazylan 17 müň golýazma we 60 müň neşir bar. Kalkutta şäherindäki Aziýa jemgyýeti kitaphanasynda 26 ýazuw ulgamynda ýazylan golýazmalaryň has baý ýygyndysy bar.

Häzirki sapar türkmen alymlarynyň Türkmenistana golýazmalaryň nusgalaryny we türkmen halkynyň ajaýyp şahsyýetleri, taryhy we medeni mirasy barada gymmatly maglumatlaryň beýleki çeşmelerini gözlemek hem gowşurmak boýunça dördünji ylmy sapardyr. Hususan-da, şunuň ýaly taryhy çeşmeleriň ýüz töweregi nusgasyny türkmen alymlary on ýyl mundan ozal, Gündogaryň akyldar nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygynyň bellenýän döwründe getiripdiler.