Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda türk dramaturgy Reşat Nuri Güntekiniň pýesasy esasynda «Amanat giýew» atly täze spektakl sahnalaşdyryldy.
Bu komediýany türkmen tomaşaçylary A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnalaşdyrmagynda gowy bilýändirler. Medeniýet institutynyň üçünji ýyl talyby Döwran Joraýew ony özüçe sahnalaşdyrypdyr. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Anastasiýa Balandinanyň ýerine ýetirmeginde haýran galdyryjy aldaw-pirimleriň baş gahrymany kezzap Rukiýa bolsa, Talyplar teatrynda baş gahryman – amanat giýew Parnak.
Spektakl tüýdük çalýan Parnagyň tomaşaçylaryň arasyna gelmegi bilen başlanýar. Parnak sahna tarap gidip barýarka, sahnanyň aňyrsyndaky ses onuň üýtgeşik ykbaly hakda gürrüň berýär. Ol dünýä inende kakasynyň öýi ýanýar. Parnak ýedi ýaşynda mekdebe gidende ýedi gezek aýagy döwülýär. Ulalanda hem ony işe alan tapylmaýar. Jebir çekýän Parnak durmuş güzabyndan dynmak üçin suwa gark boljak bolýar. Bu ýerde ol Rukiýanyň öýüni talamagy teklip eden bir ogry bilen tanyşýar. Perdäniň aňyrsynda gizlenip duran Parnak Melegiň garşysyna dildüwşügiň şaýady boldy.
Talyplar teatrynyň ýaş aktýorlary türk halkynyň häsiýetini, medeniýetini we durmuşyny görkezmelidiler. Mesele «Amanat giýew» spektaklynyň tomaşaçylary güldürmeli komediýa-fars bolany üçin kynlaşýardy. Spektaklyň ilkinji görkezilişinde tomaşaçylar birnäçe gezek zaldaky şowhunly el çarpyşmalar bilen aktýorlaryň çykyşyna baha berdiler.
Gyzykly ýeri – spektaklyň sahna bezegi A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrdan alyndy. Bu ýagdaý teatrlaryň arasyndaky raýdaşlyga şaýatlyk edýär. «Amanat giýew» ähli döwürde görkezilip bilner, çünki öz şahsy bähbidi üçin adamlaryň ynamyndan peýdalanmak isleýän mydama mekir, hilegär adamlar hemişe tapylýar. Aslynda welin olar öz-özüne temmi berýärler. Bu waka 150 ýyl ozal Türkiýäniň kiçeňräk şäherinde ýaşaýan Rukiýanyň maşgalasynda bolup geçýär.