2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Hiýaşi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň ähmiýetli ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Daşary işler ministri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň ýokary depgine eýedigini belledi. Şunda, bu gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýokary we iň ýokary derejedäki syýasy gepleşikleriniň yzygiderli geçirilmeginiň täsir edýändigi nygtaldy.
Şeýle-de, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli ýola goýulandygy bellenilip, “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” formatynda dialogyň işine aýratyn üns çekildi.
Taraplar “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” formatyndaky dialogyň çäklerinde Döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň gurnalmagy bilen bagly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň bu ýokary derejeli Forumyň geçirilmegini goldaýandygyny belledi.
Taraplar durnukly we uzakmöhletleýin hasiýete eýe bolan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine aýratyn üns çekdiler. Şeýle hyzmatdaşlygyň ösüşini görkezýän möhüm görkezijiler bolup, energetika we gaz-himiýa pudaklarynda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar çykyş edýär.
Şeýle-de, gepleşiklerde energetika, senagat, maýa goýum, medeniýet, ylym-bilim hyzmatdaşlygyň şsüşiniň mümkinçilikleri hem kesgitlenildi.