Ï Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen duşuşyk

view-icon 4437
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklara uly orun degişlidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşygynyň gurnalmagynyň maksadalaýyk boljaklygy bellenildi. Şeýle-de, duşuşykda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogyna gatnaşyjy döwletleriň ilkinji sammitini geçirmek boýunça meseleler hem maslahatlaşyldy.

Parlament diplomatiýasynyň ornuna hem ýokary baha berilip, türkmen-ýapon parlament wekilleriniň birek-biregiňkä saparlarynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň dowamynda parlament wekilleriniň amala aşyrjak saparlary barada pikir alyşmalar geçirildi.

Diplomatlar daşary syýasat edaralarynyň arasynda ýolbaşçy düzümiň gatnaşmagynda syýasy geňeşmeleri geçirmek hem-de halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmek arkaly hyzmatdaşlygyň depginini artdyrmagy ylalaşdylar.

Taraplar iki ýurduň halkara düzümleriň çäklerinde ýola goýan gatnaşyklaryna oňyn baha berdiler.

Şeýle-de, strategiki, durnukly we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine hem uly üns berildi.

Medeni-ynsanperwer ulgamda iki döwletiň bilim, ylym, medeni alyş-çalşygy, ýapon diliniň öwredilmegi ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygy bellenildi.

Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary hökmünde sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi meseleleri kesgitlenildi.

Ministrler iki tarapyň hem gyzyklanmasyna eýe bolan halkara we sebit gün-tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.