2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky ýapon deputatlary bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Bu ugurda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň wajypdygy bellenildi.
Daşary işler ministri Türkmenistanyň daşary syýasatynda parlament diplomatiýasyna wajyp orun berilýändigini bellemek bilen parlament aragatnaşyklary mundan beýläk-de depginli ösdürmek ugrunda ýaşlaryň parlamentara hyzmatdaşlygyna uly ornuň degişlidigine üns çekdi.
Şeýle hem, netijeli pikir alyşmak üçin taraplar 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Tokio we ýapon parlamentarileriniň Aşgabat şäherine saparlaryny guramak barada ylalaşdylar.