2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli fewralda dürli döredijilik çäreleri geçirmegi meýilleşdirildi. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň sözlerine görä, ýurdumyzda geljek aýda dürli döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, mediaforumlary, okuw maslahatlaryny, sergileri, sanly ulgam arkaly ylmy-usuly maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, çeper okaýyşlary guramak, dürli bäsleşikleri yglan etmek, ozal yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem şanly seneler we täze desgalaryň açylmagy mynasybetli geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini, birnäçe dabaraly çäreleriň geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere fewral aýynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.