Ï Türkmenistanyň kitaphanalarynda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň kitaphanalarynda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirilýär

view-icon 3143
Türkmenistanyň kitaphanalarynda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirilýär

Türkmenistanyň kitaphana işgärleri ynsanperwer garaýyşly akyldar nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreleri guramaga işjeň gatnaşýarlar. Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy Bagtyýarlyk etrabynyň häkimligi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlap duşuşyk geçirdi. 

Oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň beýik ogluna bagyşlanan ýylyň şygarynyň türkmen halkyny täze üstünliklere we beýik maksatlara ýetmäge ylhamlandyrjakdygy baradaky pikiri beýan etdiler. Şeýle hem çykyş edenler Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda we ýokary ynsanperwerlik gymmatlyklar esasynda terbiýelemekdäki ebedi gymmatyny bellediler.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy we Mary welaýat kitaphanasy bolsa «Magtymgulynyň döredijiliginde döwletlilik temasy» boýunça internet arkaly maslahat geçirdi. Maslahatda Magtymguly Pyragynyň ynsan ähliniň baýlygy bolan edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden ýaýratmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler bütin ömrüni Watana we halkyna hyzmata bagyşlan bu beýik şahsyýetiň beýikligini häsiýetlendirmek bilen, öz halkynyň kalbynda we aňynda ebedi ýaşaýan türkmen şahyrynyň goşgularynyň dünýä halklarynyň dillerinde barha köp ýaňlanýandygyna buýsançlaryny beýan etdiler. 

Şunuň bilen baglanyşyklylykda, kitaphananyň işgärleri Magtymgulynyň döredijilik mirasyny wagyz etmek we eserleriniň çuňňur manysyny hem edebi ähmiýetini ýaşlaryň aňyna guýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň we Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň döwlet kitaphanasynyň işgärleri «Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy şamçyragydyr» mowzugynda söhbetdeşlik gurady. Söhbetdeşlige gatnaşanlar Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda beýik şahyryň döredijilik mirasyny öwrenmek, ynsanperwer pikirlerini, watançylyk, edermenlik, dostluk we ahlak ýaly düşünjelere garaýyşlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda ýaýratmak üçin köp iş edilýändigini nygtadylar. Söhbetdeşlikde Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasdan we çuňňur manydan doly goşgularynyň Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ýaşlary halal zähmete hem döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýandygy bellendi.