Günbatar sebitde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» diýen at bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi we «Balkan» welaýat gazetiniň redaksiýasy tarapyndan bilelikde geçirilýän bu bäsleşige Günbatar sebitiň etrap-şäherlerinde döredijilik bilen meşgullanýan raýatlar öz goşgulary, hekaýalary, makalalary bilen gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar şahyrymyza goýulýan belent hormat-sarpany, ussadyň edebi mirasyny, paýhas hazynasyny bütin älem içre ýaýmakda amala aşyrylýan işleri giňden wagyz etmekden, ýerli döredijilik işgärlerini Magtymguly Pyraga bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr.
Öňde goýlan şu maksatdan ugur alyp, bäsleşige gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň arzuwlan häzirki ajaýyp eýýamynyň, şeýle-de nusgawy şahyrymyzyň at-abraýyny beýgeltmek ugrunda alnyp barylýan işleriň, onuň ömrüniň we döredijiliginiň, dürli temalardaky şygyrlarynyň tarypyny beýan etmelidirler.
Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dekabr aýynda jemlener hem-de ýeňijilere baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.