Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň we M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary bilen söhbetdeşligi geçirildi. Şekillendiriş sungatynda Magtymguly Pyragynyň keşbi söhbetdeşligiň temasy boldy.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Saragt Babaýew Döwlet çeperçilik mekdebiniň talyplaryna Köpetdagyň eteginde gurlan pursatyndan bäri beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň döredilişi barada gürrüň berdi. Ýeri gelende aýtsak, bu ýadygärligi eýýäm Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň köpüsi öz suratlarynda şekillendirdiler.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
– Beýikligi 80 metr bolan Magtymgulynyň juda uly ýadygärligini gurmakda köplük bolup işlenildi. Bu işde ýekäniň çaňy çykmaýar. Meniň bilen ussahanada, galyplaýyş sehinde, şeýle hem ýadygärlik gurlanda işlän kömekçilerime ýene bir gezek sag bolsun aýdasym gelýär – diýip, Saragt Babaýew gürrüň berdi.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymlary Myratmergen Kulyýew we Älemşa Rejebow Magtymgulynyň çeper portretini döretmekde öz tejribeleri barada gürrüň berdiler. Dörediji ýaşlaryň halypalary Rahman Umarowyň döreden Magtymgulynyň portretiniň öňünde çykyş etdiler, ol häzirki döwürde şahyryň iň şowly portretidir.
![]() |
![]() |









