Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygaryna bagyşlanan çäreleriň tapgyryny guraýar.
12-nji martda ýokary okuw mekdebinde okuw-usulyýet maslahaty, edebi-döredijilik işleriniň bäsleşigi hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy: häzirki zaman hünärmenlerini taýýarlamakda okuw we hünär işiniň eýeleýän orny» diýen umumy at bilen taslamalaryň sergisi geçiriler.
Maslahata gatnaşmaga ýokary, orta hünär okuw we ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary hem-de hünärmenleri çagyrylýar.
Edebi-döredijilik işleriniň bäsleşigi hem-de taslamalarynyň sergisi talyplaryň we Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.
Bäsleşik dört ugur boýunça, ýagny iň oňat hekaýa, iň oňat goşgy, iň oňat liriki oýlanma, iň oňat edebi-döredijilik okuw taslamasy (taslama, animasiýa, maksatnama, tanyşdyrylyş) diýen ugurlar boýunça geçiriler.
Bäsleşige awtorlaryň edebi eserleri 15-nji fewrala çenli, taslama işleri bolsa 11-nji marta çenli kabul edilýär.
Çäreler barada giňişleýin maglumatlar Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň saýtynda täzelikler bölüminde ýerleşdirildi.
Çäreleriň geçirilmegi okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmäge, zehinli, işjeň ýaşlary ýüze çykarmaga, mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplaryň Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmekleri we ony mundan beýläk-de giňden wagyz etmekleri ugrunda gyzyklanma bilen akyl ýetirişlerini höweslendirmäge we ösdürmäge gönükdirilendir.
Çäreler ähli döredijilik zehini bilen mähriban halkyna, agzybirligiň, jebisligiň we parahatçylygyň, Garaşsyz döwleti gurmagyň beýik maksatlaryna hyzmat eden Magtymgulynyň öçmejek eserleriniň beýik terbiýeçilik, watançylyk ähmiýetini ýüze çykarmaga hyzmat eder.