Ï Türkmenistan — Germaniýa: hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerledip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Germaniýa: hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerledip

view-icon 4465

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek” atly sebitleýin maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, agzalan institutyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Watanymyz dünýäniň ähli döwletleri bilen giň gerimli, netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistanyň öňden gelýän we esasy hyzmatdaşlarynyň biri hem Germaniýa Federatiw Respublikasydyr. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar dostlukly, yzygiderli häsiýete eýedir. Däp bolan döwletara dialog okgunly ösüşe eýe bolup, dürli ugurlary, şol sanda hukuk ulgamyny hem öz içine alýar. Ýurdumyzda bu ulgamda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelerde öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we iş ýüzünde peýdalanmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanun çykaryjylyk işine ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi köpýyllyk netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda amatly mümkinçilikleri açýar.

Maglumat merkezi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda döredildi. Açylyş dabarasynyň çäklerinde bu merkez hakynda degişli Düzgünnama gol çekildi. Deňeşdirme-hukuk öwreniş çygrynda ylmy seljermeleri geçirmek; hünärmenleriň raýat, raýat iş ýörediş, administratiw, administratiw iş ýörediş hukugy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak; bilelikde ylmy-amaly hukuk edebiýatlaryny taýýarlamak; kanunçylygy kämilleşdirmek babatda maslahatlaşmalary geçirmek merkeziň esasy wezipeleri bolup durýar.

Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň sebitleýin maksatnamasy bilen bilelikde, bu ýerde ýörite edebiýatlaryň jemlenilmegi we onuň kitaphana gaznasynyň emele getirilmegi, degişli enjamlaryň işjeň ýagdaýda hereket etmegi üpjün edilýär. Bu wezipeleriň amala aşyrylmagy üçin milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlary guramak göz öňünde tutulýar.

Maglumat merkeziniň işiniň esasy ugry Türkmenistanyň we Germaniýanyň ylym-bilim edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, onuň döredilmegi hem-de açylmagy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine, mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna itergi berer.