Ï Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy

view-icon 9620
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy

Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi.

Türkmenabat şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şäher medeniýet merkeziniň we öýüniň guramaklarynda geçirilen bu dabara döredijilik işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, bilim, saglyk, medeniýet ulgamynyň işgärleri, welaýat merkezinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Täsirli çäräniň dowamynda ýazyjy-şahyrlar 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, beýik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň ýurdumyzda we halkara derejesinde ýokary derejede bellenilmegi üçin alnyp barylýan giň gerimli işler, akyldar şahyrymyzyň watançylyga, merdi-merdanalyga, ynsanperwerlige, ynsan häsiýetlerine, halallyga, ýokary ahlaklylyga ýugrulan arşy paýhasly goşgulary, onuň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, tutuş adamzat üçin ähmiýeti barada çykyş etdiler we Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan goşgularyny okap berdiler.

Milli gymmatlyklarymyz bilen bezelen sahnada Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahna ussatlarynyň nusgawy şahyrymyzyň döredijiligi bilen baglanyşykly taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy, bagşy-sazandalaryň, estrada aýdymçylarynyň beýik söz ussadynyň goşgularyna aýdan belent heňli aýdymlary dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Döwrebap medeniýet öýüniň girelgesinde ýaýbaňlandyrylan Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň hem-de Türkmenabat şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinli okuwçylarynyň çeken suratlarynyň sergisi aýratyn ünsüňi çekip, ol bu ýere gelenleri şöhratly taryhymyza, beýik Magtymguly Pyragynyň döwrüne seýrana çykardy.