Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň wekilleri, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan bolan kärdeşleri bilen saglyk pudagynda toplanan maglumatlary standartlaşdyrmak boýunça webinara gatnaşdylar.
Webinar Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebitleýin bölümi tarapyndan saglygy sanlylaşdyrmak ugrundaky tagallalarynyň çäginde guraldy. Gatnaşanlar Gruzýanyň we Gazagystanyň bu ugurdaky tejribesi bilen tanyşdylar, hasapçylyk hasabatynyň we hasabat görnüşleriniň kartalaşdyrylmagynyň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Saglygy goraýyşda standartlaşdyrmak hassalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin möhümdir. Standartlaşdyrma ähli näsaglaryň deň derejede ideg almagyny üpjün etmek üçin saglygy goraýyş işgärleriniň ýerine ýetirýän görkezmeleriniň ýa-da teswirnamalarynyň toplumyny döretmek işine degişlidir. Bu ugurlar saglygy goraýyş işgärleri üçin esas bolup hyzmat edýär.