Ï Dzýudoçy Hekim Agamämmedow dünýä görkezijisindäki netijesini artdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dzýudoçy Hekim Agamämmedow dünýä görkezijisindäki netijesini artdyrdy

view-icon 3460
Dzýudoçy Hekim Agamämmedow dünýä görkezijisindäki netijesini artdyrdy
camera-icon
IJF

Türkmen  türgeni Hekim Agamämmedow dzýudo boýunça dünýä görkezijisinde 1620 utuk bilen 34 dereje ýokary galdy diýip, göreşiň şu görnüşi boýunça Halkara federasiýasy (IJF) habar berdi.

Ozal habar berlişi ýaly, 2023-nji ýylyň dekabrynda Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen «Uly tuwalga» ýaryşynda 24 ýaşly türkmenistanly zehinli dzýudoçy 66 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy, ýaryşda baýraklar ugrunda  35 ýurtdan 48 pälwan tutluşdy.

«Tokio Grand Slam 2023» ýaryşynda  gazanan şeýle  üstünligi netijesinde ozal  dünýä görkezijisinde 42-nji orny eýelän Hekim Agamämmedow görkezijisini 500 dereje  ýokarlandyrdy we 2024-nji ýylda  Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk almak üçin ýene bir ädim ätdi.

Ozal türkmen dzýudoçylary dünýäde abraýly «Uly tuwalga» ýaryşlarynda hiç haçan hormat  münberine galmandylar, onuň ýeňijileri we ýaryşda abraýly orunlary eýelänler dünýä çempionatlaryna we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga görkeziji derejeleri gazanýarlar. Öň şeýle ýaryşda ildeşlerimizden iň gowy netije gazanan  2014-nji ýylda Bakuwda geçirilen «Grand Slam» ýaryşynda  Gülbadam Babamyradowa 5-nji orny eýeläpdi, ol   Daşkentde (Özbegistan), Samsunda (Türkiýe), Sindaoda (Hytaý), Dýusseldorfda (Germaniýa), Agadirde (Marokko) we Tbilisi (Gruziýa) geçirilen Gran Pri ýaryşlarynda iki gezek ýeňiji boldy we dört gezek dürli derejede medallar gazanypdy.

Hekim Agamämmadow ilki  2022-nji ýylda Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen Yslam raýdaşlygy V oýunlarynda bürünç medal eýeledi, soňra Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda 66 kilograma çenli agramda 32 dzýudoçynyň arasynda altyn medal gazandy. Geçen ýyl Sofiýada (Bolgariýa) geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda-da bürünç medal gazanyp, hormat münberine çykdy.

Hekim Agamämmedow Türkmenbaşy şäherinde ilkinji tälimçisi Raşit Guseýnowyň elinde  dzýudo bilen meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda ol erkekler toparynyň uly tälimçisi Gahryman Amandurdyýewiň we 2023-nji ýyldan bäri milli ýygyndynyň baş tälimçisi,  ýapon hünärmeni, dzýudoda Kodokan ýedinji danyň eýesi Kazuhiko Tokunonyň ýolbaşçylygynda sport ussatlygyny kämilleşdirýär. Onuň ýolbaşçylygynda geçen ýyl türkmen dzýudoçylary halkara ýaryşlarynda, şol sanda Hançžouda (Hytaý) ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynda, Zagrebde (Horwatiýa) jahyllaryň arasynda geçirilen  dünýä çempionatynda, Daşkentde (Özbegistan) kadetleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda, Belarus Respublikasynda geçirilen GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda  we beýleki wekilçilikli ýaryşlarda ençeme medal gazandylar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby, IJF görkezijisinde 999 dereje bilen 47-nji orunda barýan Serdar Rahymow dünýäniň iň gowy 50 dzýudoçynyň arasyna düşdi. Geçen ýyl bu 19 ýaşly zehinli dzýudoçy Saraýewoda (Bosniýa we Gersegowina)  geçirilen ýetginjekleriň arasynda  Ýewropa Kubogy ugrunda ýaryşda  66 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiş gazandy we Rimde (Italiýa) geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda we Daşkentde  geçirilen Aziýa Kubogy ugrunda ýaryşda  kümüş medal eýeledi.