Ï Türkmenistanda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär

view-icon 2483
Türkmenistanda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Aşgabatdaky Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämedowa döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň we söz ussatlarynyň heýkellerini oturtmak meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ulanmaga beriljek medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly görnükli şahsyýetleriň, meşhur ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagynyň umumadamzat gymmatlyklaryna hormatdan nyşandygyny belledi. Munuň özi medeni gatnaşyklaryň halkara derejede has-da rowaçlanmagyna getirer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu heýkelleriň taslama görnüşlerini has-da kämilleşdirip, degişli işleri geçirmek tabşyryldy.