Ï Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda GPON tehnologiýasy ornaşdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda GPON tehnologiýasy ornaşdyrylýar

view-icon 2047
Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda GPON tehnologiýasy ornaşdyrylýar

Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) ýokary tizlikli Internet bilen üpjün etmek üçin GPON (Gigabit passive optical network – gigabit passiw optiki tor ýa-da «müşderä çenli optika») tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça netijeli iş alyp barýar.

Häzirki wagtda Aşgabadyň günortasyndaky köp gatly belent ýaşaýyş jaýlar, paýtagtymyzyň demirgazyk-günbataryndaky «Täze zaman» ýaşaýyş jaý toplumy we «Parahat 7/2» ýaşaýyş jaý toplumy ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilendir. Her jaýa optiki kabeller çekilendir we ONT müşderi terminallary oturdylandyr.

Şeýle hem «Çoganly» ýaşaýyş toplumynyň kottejleri, Senagat köçesindäki, 11-nji etrapçadaky jaýlar, Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen Gurbansoltan eje şaýolunyň arasyndaky jaýlar GPON tehnologiýasy bilen üpjün edildi.

Aşgabat şäher telefon ulgamynyň resmi saýtynyň habaryna görä, häzirki wagtda paýtagtymyzda GPON tehnologiýa ulgamynyň 17 941 nokady işleýär.

GPON tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň çäklerinde Arkadag şäherinde 20 müň telefon belgisi oturdyldy. Mundan başga-da, tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna 235 teleýaýlym, häzirki zaman telekommunikasiýa hyzmatlaryna, şol sanda ýokary tizlikli Internete we telefon aragatnaşygyna girmäge mümkinçilik berdi.

Süýümli-optiki kabel arkaly berilýän hyzmatlaryň hili beýleki tehnologiýalardan has tapawutlydyr, onuň birnäçe artykmaçlyklary bar. Olaryň arasynda ýokary maglumat geçiriş tizligini – sekuntda 100 megabaýta çenli tizligini we aragatnaşygyň hiliniň durnuklylygyny görkezse bolar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň telekommunikasiýa ulgamlary üstünlikli döwrebaplaşdyrylýar. «Lebaptelekomyň» habaryna görä, Türkmenabat şäherinde we etraplarda häzirki zaman GPON-a birikdiriş tehnologiýasy işe girizildi.

Täze GPON tehnologiýasyna esaslanýan sanly telefon we internet ulgamyny «Marytelekom» telekommunikasiýa kompaniýasy hem işe girizdi. Munuň netijesinde ýokary tizlikli Internetden peýdalanýanlaryň sany has-da artdy.