Ï Aşgabatdyň awtobus duralgalary Magtymguly Pyragynyň şekili bilen bezeldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatdyň awtobus duralgalary Magtymguly Pyragynyň şekili bilen bezeldi

view-icon 3679
Aşgabatdyň awtobus duralgalary Magtymguly Pyragynyň şekili bilen bezeldi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň duralgalarynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň dana sözleri we goşgularyndan bölekler bilen birlikde dana akyldaryň suraty şekillendirilen suratlar peýda boldy.

Indi ýolagçylar ulaga garaşýan wagty Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» goşgusyny we beýleki ruhlandyryjy meşhur setirlerini okamakdan lezzet alarlar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän şu ýyl ak mermer paýtagtymyzda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň monumental ýadygärliginiň açylmagyna taýýarlanylýar.

Şeýle hem bu şanly sene mynasybetli tutuş ýurdumyzda ýylyň şygaryna we görnükli akyldara bagyşlanan medeni çäreler geçirilýär.