Ï Türkmen türgenleri Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlanýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlanýarlar

view-icon 8745
Türkmen türgenleri Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlanýarlar

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Pariž-2024 saýty döredildi, onda 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda Fransiýada geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň we XVII Paralimpiýa oýunlarynyň täze habarlary ýerleşdiriler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen ýokary derejeli ýaryşlara gatnaşmak üçin ökde türgenleri we milli ýygyndylary taýýarlamak boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi. Türkmen türgenleri Pariž Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ussatlygyny ýokarlandyryp, oňa güýçli taýýarlanýarlar.

2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlary başlamazdan ozal nämeleri bilmeli?

Fransuz Respublikasynyň şanly nyşany bolan Frigiýa şyrdagy tomusky oýunlaryň nyşany hökmünde saýlandy. Fransuz halky üçin ol azatlygyň nyşanydyr.

Frižler – şyrdaklar ýurduň baýdagynyň reňklerine görä, gyzyl, ak we gök reňklidir. Olaryň döşünde Pariž 2024-iň altyn nyşany bar. Olaryň gözleri fransuz kokardasy – milli fransuz bezegi bolan üç reňkli gül görnüşinde şekillendirilen.

Pariž–2024-iň guramaçylyk komiteti Olimpiýa oýunlarynyň wizual dizaýnyny we sportuň 62 görnüşiniň nyşanlaryny hem taýýarlady.

Pariž Olimpiýa oýunlaryna täze ugur – breýking ýa-da breýk-dans girizildi. Sport görnüşi hökmünde ol şäher tansynyň üýtgeşik çeýeliginiň utgaşygydyr. Breýking Bütindünýä tans sport federasiýasynyň (WDSF) ugurlarynyň biridir.

Taryhda ilkinji gezek 32 türgen (16 B-Oglan we 16 B-Gyz) ýaryşda Olimpiýa medallary ugrunda bäsleşerler.

2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan Pariž–2024 myhmansöýerlik maksatnamasy başlandy.

Onlaýn meýdança Olimpiýa oýunlarynyň myhmanlaryna sport çärelerine kepilli petekleri we goşmaça hyzmatlaryň giň toplumyny öz içine alýan şahsylaşdyrylan, şol sanda myhmanhana, ulag, Olimpiýa desgalaryna, stadionlaryna we Fransiýanyň paýtagtyna gezelenç ýaly myhmansöýerlik toplumyny satyn almaga mümkinçilik berýär.

Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek açylyş dabarasy stadionyň daşynda geçiriler. Derýadaky gaýyklarda türgenleriň ýörişi guralar. Milli ýygyndylar Sena derýasynda 6 km ýol aşyp, Olimpiýa alawyny ýakmak üçin Trokadero seýilgähindäki stadiona ýygnanarlar.