Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 2648

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen goňşy Eýran Yslam Respublikasyny köp asyrlara uzaýan doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz hatynda belledi we bu gatnaşyklaryň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Eýran Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.