Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Maldiwler Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna täze, 2024-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Goý, bu ýyl biziň halklarymyza abadançylyk, şatlyk, üstünlik getirsin hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam bersin!
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mohamed Muizzu,
Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti.