kömek maksatnamasy tarapyndan guralan üç günlük maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysynyň synag görnüşi hödürlendi.
Bu programma üpjünçiligi, BOMCA 10 maksatnamasynyň 4-nji böleginiň serhetýaka sebitlerinde IT çözgütleriniň giňden ulanylmagy arkaly gümrük amallary barada halkyň habardarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda Hereket meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň çäginde taýýarlandy. Ol telekeçilere, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlara niýetlenendir.
Programmanyň işlenip düzülmegi, içerki IT hünärmenlerine, esasan hem «Asman Oky» işewür kompaniýasyny döredijilere degişlidir.
Gatnaşanlar aragatnaşyk, PR we metbugat gatnaşyklary boýunça hünärmenler Aýgül Bolotowa we Irina Çistýakowa bilen bilelikde ykjam programmany mundan beýläk-de wagyz etmek meýilnamasyny taýýarladylar.