Ï Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

view-icon 2840
Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine 0... -2 gradusdan +7... +9 gradus aralygynda, gündizlerine +2... +4 gradusdan +23... +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda, gündizlerine +1... +6 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda, gündizlerine +21... +26 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +14... +19 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda, gündizlerine +1... +6 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda, gündizlerine 0... +5 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -1... -6 gradusdan +3... +8 gradus aralygynda, gündizlerine -3... +2 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl bolar.