Ï “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy täzelendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy täzelendi

view-icon 3932

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Sapardurdyýewiç Arabowy “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myratgeldi Jepbarowiç Jepbarowy “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2-nji karary tassyklanyldy.