2024-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi O.Çaryýew bilen Er-Riýad şäherinde ýerleşýän Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň başlygy, professor Dr. Ýahýa bin Mahmud Junaidiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri we bu merkeziň ylmy işgärleri hem gatnaşdylar.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklara, hususan-da, ylym, bilim we medeni ugurdaky hyzmadaşlyga ýokary baha berildi. Şeýle hem, bu gatnaşyklarda türkmen tarapy bilen Er-Riýad şäherinde ýerleşýän Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň arasyndaky uzak ýyllyk hyzmatdaşlygyň möhüm ornunyň bardygy bellenildi.
Şeýle hem, duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby hem tanyşdyryldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilendigi habar berildi hem-de şu ýylyň dowamynda Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap Türkmenistanda birnäçe medeni we ylmy çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi mälim edildi.