2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi M.Orazow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Amerika ýurtlary bölüminiň başlygy, Ilçi Ç.Ataýew, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, şeýle hem Geňeşiň agzalary bolan “"John Deere", "Case New Holland", "Boeing", "Exxon Mobil", "General Electric", "Climate Compass", "Zeppelin", "UGT Renewable", "Caterpillar", "Oxbow" we "Honeywell" amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem Geňeş tarapyndan şu ýyl teklip edilen bilelikdäki iş meýilnamasynyň guramaçylyk we amaly taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa etmegiň zerurlygy nygtaldy, bu babatda maýa goýum, maliýe we bank, oba hojalygy, nebit we gaz, ulag, logistika we tehnologiki ugurlara aýratyn üns berildi. Şu ýylyň dowamynda Amerikanyň işewür wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak barada pikir alyşdy.
E.Stýuart häzirki wagtda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň täze ýokary sepgitlere ýetendigini, geçen ýyl Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara borçnama goşulmagy amerikan işewürlik jemgyýetçiliginde örän oňyn seslenme döredendigini nygtap geçdi.
"Türkmenistan - ABŞ" işewürlik geňeşiniň iki ýurduň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýeti nygtaldy. Hususan-da E.Stýuart 2023-nji ýylyň dekabr aýynda özüniň ýolbaşçylyk etmeginde ABŞ-nyň kompaniýalarynyň ýokary wekilçilikli toparynyň Türkmenistana sapary, özüniň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilmegi hem-de işewürler forumynyň üstünlikli geçirilmegi dogrusynda gürrüň berdi.
Gepleşikleriň barşynda türkmen tarapy Türkmenistanyň hökümetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmeklige ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen birlikde amerikan kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna köp ýyllyk oňyn goşandy bellenildi.
Geňeşiň we Amerikan kompaniýalarynyň wekilleri yzygiderli netijeli dialogyň we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary baradaky teklipleriň kanagatlanarlydygyny nygtadylar.