Ï Türkmenistanyň parlament wekiliýeti BMG-niň Parlamentara Bileleşiginiň herýyllyk diňlenişigine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Parlamentara Bileleşiginiň herýyllyk diňlenişigine gatnaşdy

view-icon 2947
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Parlamentara Bileleşiginiň herýyllyk diňlenişigine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 8-­9-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirilen Parlamentara Bileleşiginiň ýyllyk diňlenişigine gatnaşdy. Diňlenişik “Düşünişmezliklerden saplanmak: Parahatçylykly geljegiň ugurlary” ady bilen geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Çäräniň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Prezidenti Denis Frensis we Parlamentara Bileleşiginiň Prezidenti Tuliýa Akson maksatnamalaýyn çykyş etdiler.

Parlament wekilleriniň diňlenişigine gatnaşan 300-den gowrak parlament agzasy we bilermenler dünýädäki parahatçylyga we howpsuzlyga çagyrýan meseleler, parlament diplomatiýasy we araçyllyk mehanizmleri arkaly düşünişmezlikleriň öňüni almagyň we çözmegiň ýollary barada pikir alyşdylar. Garyplyk, deňsizlik we çetleşdirmek ýaly gapma-garşylyklaryň düýp sebäplerini çözmegiň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga we öňe sürmäge gönükdirilen kararlary kabul etmekde hökümetleriň jogapkärçiligini ýokarlandyrmakda we üpjün etmekde milli parlamentleriň eýeleýän ähmiýetli orny bellendi.

Şeýle hem parlament agzalarynyň Geljegiň şertnamasynyň (BMG-niň 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda garaşylýan jemleýji resminama) işlenip düzülmegine goşýan goşantlaryna, parahatçylygy gurmak boýunça parlament torunyň döredilmegine, şeýle-de demokratiýany we adam hukuklaryny öňe sürmek boýunça emeli intellektiň ulgamlarynyň ösdürilmegini tizleşdirmäge ýetirýän täsirine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti 9-njy fewralda “Parahatçylyga we tehnologiýa täze howplar” bölüminiň çäginde çykyş etdi.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýeti parlamentara diplomatiýasynyň üsti bilen amaly başlangyçlar bilen halkara parahatçylygy we ynamy dünýä we sebit derejesinde berkitmegiň üstünde durup geçdiler.

Hususan-da, parlament diňlenişigine gatnaşyjylar 2023-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilen ýylyň netijeleri, Bitaraplygyň dostlary toparynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy, şeýle hem Merkezi Aziýada Parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagyny berkitmek üçin amaly ädimlerdigi barada bygtaldy.

Ýurdumyz Parlamentara hyzmatdaşlygyny Parlamentara Bileleşiginiň, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde we beýleki köptaraplaýyn parlament meýdançalarynda işjeň ösdürýändigi bellenildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň 48 sany parlament dostluk toparlarynyň çäginde netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdürilýär.