2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Stambul şäherindäki Türkmenistanyň Baş Konsullygynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş Konsuly Muhammetnur Öwezow bilen Stambulyň Gubernatory Dawud Gülüň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara hyzmatdaşlygy, hususan-da, bilim pudagynda we iki döwletleriň ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Baş Konsul 2024-nji ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygaryň astynda geçýändigini, onuň çäklerinde bolsa, Türkmenistanda we tutuş dünýäde beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreleriň gurnalýandygyny aýtdy. Şunda, TÜRKSOÝ guramasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýänliginiň subutnamasyna öwrülendigi bellenildi. Şeýle-de, şu ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Änew şäheri ähmiýeti barada hem nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Baş Konsullygy bilen Stambul häkimliginiň arasynda bilelikdäki iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hem pikir alyşdylar.