Ï Idris baba medresesine barýan ýoluň durky täzelenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Idris baba medresesine barýan ýoluň durky täzelenýär

view-icon 6801
Idris baba medresesine barýan ýoluň durky täzelenýär

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Gündogar sebitinde hem dürli çärelere giň gerim berilýär.

Beýik söz ussadynyň ilkinji halypasy Döwletmämmet Azadydan soňky okap bilim alan ýeri bolan Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Magtymguly (öňki Gyzylaýak) obasynda ýerleşýän Idris baba medresesine hem akyldar şahyryň nazarynyň düşen ýerlerini synlamak, öwrenmek maksady bilen, yzygiderli gezelençler guralýar. XVII asyra degişli bolan bu okuw mekdebini esaslandyryjy Idris babanyň, halk arasynda ady rowaýata öwrülen Nyýazguly halypanyň sapak beren medresesi ilat arasynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr.

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň çuňňur ylym-bilim almak maksady bilen, ugran ýolunyň, ilki bilen, şu medresäniň üstünden düşmegi-de ýöne ýere däldir. Beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli hem-de 2024-nji ýylyň çuňňur mazmunly ady bilen baglanyşykly Idris baba medresesine gezelenje gelýänleriň sanynyň köpdügi nazara alnyp, Türkmenabat – Kerki awtoulag ýolundan bu taryhy ýadygärlige gelýän ýoluň durkuny täzelemek işlerine girişildi.

Uzynlygy 6 müň 570, ini hem 7 metre barabar bolan bu ýoluň durkuny täzelemek işlerini Lebap ýol gurluşyk, abatlaýyş we önümçilik kärhanasynyň gurluşykçylary alyp barýarlar. Häzirki wagtda öňki köne ýoluň örtügi aýrylyp, täze asfalt ýazmak, şol bir wagtyň özünde hem ýoluň geçjek ugurlary tekizlenilip, çäge, çagyl garyndylaryny düşemek işleri alnyp barylýar. Ýoluň gurluşygynda tehnikalaryň 10-dan gowragynyň işledilmegi, işçi-hünärmenleriň tutanýerli zähmeti, şeýle hem gurluşygyň zerur bolan serişdeler bilen doly üpjün edilmegi bu mukaddes tutumyň ýakyn wagtlarda tamamlanjakdygyna şaýatlyk edýär.