2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen «Fransiýa – Türkmenistan» Söwda palatasynyň ýolbaşçysy Mari-Elen Beraryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň habar berişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşindäki oňyn netijeleri kanagatlanma bilen bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda energetika pudagynda, nebit-gaz toplumynda, ulag we saglygy goraýyş ulgamynda işewürlik hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliginiň bardygy nygtaldy.
Suw baýlyklaryny tygşytlamaga we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen Türkmenistanyň suw hojalygy pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.
Duşuşykda M.Bäşimowa «Fransiýa – Türkmenistan» Söwda palatasynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.