Ï Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

view-icon 2282
Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine -8... -10 gradus sowukdan, -1... +1 gradus aralygynda, gündizlerine -1... -3 gradusdan +7... +9 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -10... -15 gradus sowukdan, -3... +2 gradus aralygynda, gündizlerine -4... +1 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -10... -15 gradus sowukdan, -2... +3 gradus aralygynda, gündizlerine +8... +13 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +2... +7 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine -6... -11 gradusdan sowukdan, -2... +3 gradus aralygynda, gündizlerine -2... +3 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine -5... +13 gradusdan 0... -5 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -4... +1 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl bolar,

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine -2... -7 gradusdan -10... -15 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -1... -6 gradusdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşary çykmazdan ozal, howanyň ýagdaýyny göz öňünde tutup, ýyly eşik we taýmaýan aýakgap geýiň!