Ï Wladimir Kadyrow «Türkmenistanyň ussat diplomaty»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wladimir Kadyrow – «Türkmenistanyň ussat diplomaty»

view-icon 3730
Wladimir Kadyrow – «Türkmenistanyň ussat diplomaty»

Diplomatik gullugyň weterany Wladimir Akimowiç Kadyrow beýleki käbir kärdeşleri ýaly şu ýylyň 18-nji fewralynda bellenilen Türkmenistanyň Diplomatik işgärler güni şeýle hormat nyşany bilen sylaglandy.

Ençeme ýyl mundan ozal, 1972-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini hukuk öwreniji ýurist hünäri boýunça tamamlan Wladimir Kadyrow ençeme ýyldan soň ykbalynyň özüni Ýewropa, özem Garaşsyz Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde alys ile atarjakdygy barada pikir hem eden däl bolsa gerek.

Ondan öň şol döwürdäki beýleki deň-duşlary ýaly uniwersiteti tamalandan soň W.Kadyrow ýaragly güýçleriň Daşkendiň golaýynda ýerleşýän harby bölüminde gulluk edipdi. Aşgabada gaýdyp gelensoň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň filosofiýa we hukuk bölüminde ylmy işgäri bolup işledi we durky bilen ylma berildi. Zehinli hünärmen kän wagt geçmänkä hukuk ylymlarynyň kandidaty derejesini aldy. Onuň ylmy işi täze konstitusiýa kanunçylygynyň esasynda ýurduň dolandyryş-çäk gurluşynyň wajyp temasyna bagyşlanandy.

90-njy ýyllaryň başynda, ýaş Garaşsyz döwlete sowatly we başarjaň hukukçylar gerekdi, onsoň W.Kadyrow ilki Adalat ministrliginiň ýanyndaky şol wagtky Hukuk işgärleriniň hünärini ýokarlandyryş institutynyň rektory, soňra bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmen demokratiýa we adam hukuklary milli institutynyň direktory wezipesine bellenilýär. Iki gezek Mejlisiň deputatlygyna saýlandy, ol ýerde jemlenen kanunçylyk komitetiniň başlygy wezipesini ýerine ýetirdi.

2000-nji ýyllaryň ortasynda ÝHHG-nyň ýanyndaky diplomatik wekilhananyň baştutany we Türkmenistanyň Awstriýadaky, Çehiýadaky we Slowakiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde Ýewropa diplomatik gullugyň jogapkärli ýerine iberildi. Ol şol ýerde ýedi ýyl işledi.

Wladimir Akimowiç hormatly dynç alyşa çykandan soňam hyjuwly işleýär. Nebit-gaz pudagynda hyzmatlary ýerine ýetirýän kompaniýada hukuk maslahatçysy bolup işleýär. Ol ýaş diplomatlara maslahatlar bilen yzygiderli kömek edýär we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi üçin täze işgärleri taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.

W.Kadyrow döwlet sylaglarynyň ençemesine mynasyp boldy, ýöne täze sylagy – «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen hormatly ady ýüregine ýakyn we hormatly sylag hasaplaýar.

Boş wagtyny bäş agtygyna terbiýe bermäge bagyşlaýar.