Ï Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Dutaryň owazy» Moskwa sungat festiwalynyň maksatnamasy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Dutaryň owazy» Moskwa sungat festiwalynyň maksatnamasy bilen tanyşdy

view-icon 4762
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Dutaryň owazy» Moskwa sungat festiwalynyň maksatnamasy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýa Federasiýasynyň ýaşaýjylary üçin Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» Moskwa VIII halkara sungat festiwalynyň maksatnamasy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň ilçisi Moskwa halkara festiwalynyň geçiriljek ýeri bolan Russiýa çeperçilik akademiýasynyň muzeý-sergi toplumyna baryp, festiwalyň art-direktory, kompozitor Mämmet Guseýnow bilen söhbetdeş boldy.

Hormatly myhman Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň prezidenti, SSSR-iň we Russiýa Federasiýasynyň Halk nakgaşy, ÝUNESKO-nyň Hoşmeýilli ilçisi Zurab Sereteliniň işleri, şeýle hem «Dutaryň owazy» festiwalynyň geçiriljek konsert meýdançalary bilen tanyşdyryldy.

2024-nji ýylyň 7-nji aprelinde Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň muzeý-sergiler toplumynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge bagyşlanan çäreleriň başy başlanar. Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda ilkinji uly konsert hem şu ýerde bolar.

Şeýle hem çeper okaýyşlaryň «Söz älemi» Halkara edebi bäsleşigini, Magtymguly Pyragynyň goşgularyna çeper bezegleriň «Şekil» bäsleşigini, kompozitorlaryň «Magtymguly Pyragynyň goşgularyna saz eserleri» bäsleşigini, «Pähim şineleri: beýik danalaryň sapaklary» taslama bäsleşigini geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän 2024-nji ýylda Türkmenistanda Gündogaryň beýik dana, filosof şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döwlet we halkara derejesinde uly möçberli çäreler geçirilýär.