Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň Antwerpen deňiz akademiýasynyň baş müdiri Rouen wan Şeren bilen duşuşygynda deňiz sowatlylygy we deňiz hünärmenlerini taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Belgiýa deňiz floty üçin serkerdeleri taýýarlaýan bu uniwersitet kollejine saparynyň barşynda türkmen diplomaty akademiýanyň esasy ugurlary, bilim we ylmy-agtaryş maksatnamalary, şeýle hem hödürlenýän amaly okuwlary bilen tanyşdy.
Antwerpen deňiz akademiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen talyp we mugallym alyş-çalşygyna, bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem Türkmenistanyň deňiz pudagynyň ýokary hünärli işgärlere bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen ýöriteleşdirilen meýilnamalary döretmek üçin täze mümkinçilikleri açýan bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.
Rouen wan Şereniň belleýşi ýaly, dünýä deňiz jemgyýetinde abraýa eýe bolan Antwerpen akademiýasy şahadatnamalary halkara derejesinde ykrar edilen ýöriteleşdirilen bilim maksatnamalaryny hödürleýär, bu bolsa okuwyň ýokary derejesini tassyklaýar. Akademiýanyň ylmy-agtaryş işleri barada aýdylanda bolsa, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk, onuň pikiriçe, häzirki zaman port infrastrukturasyny ösdürmek we Türkmenistanda logistika amallaryny iň amatly ýagdaýa getirmek ýaly bilelikdäki agtaryş taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşar.
Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny mundan beýläk-de ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny mälim etdi we Türkmenistanyň deňiz pudagyny ösdürmäge hem bu hünär boýunça işgärleriň hünärini ýokarlandyrmaga gyzyklanýandygyny tassyklady. Hususan-da, Sapar Pälwanow Antwerpen deňiz akademiýasy bilen onuň Türkmenistanda hyzmatdaşy bolup biljek Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň arasynda göni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak mümkinçiligine garamagy teklip etdi we bu bilim edarasynyň ýurduň deňiz pudagyny işgärler bilen üpjün etmekdäki orny barada gürrüň berdi. Teklip baş direktor Rouen wan Şeren tarapyndan goldandy. Möhüm gepleşikleriň netijeleri esasynda Belgiýa we Türkmenistan taraplarynyň arasynda bu mowzuk boýunça özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak işleri başlandy.