Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Halkara zähmet guramasynyň sebit direktory bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Halkara zähmet guramasynyň sebit direktory bilen duşuşygy

view-icon 3019
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Halkara zähmet guramasynyň sebit direktory bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit direktory Beata Andres bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň has-da işjeň häsiýete eýe bolýandygyny bellediler.

Şunda, taraplaryň arasynda saparyň netijeleri, şu ýylyň 21-nji fewralynda geçirilen ýokary derejeli tegel stol duşuşygynyň ähmiýeti hem-de Halkara zähmet guramasy bilen 2024-nji hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilleri barada pikir alyşmalar geçirildi.

Şeýle-de, Halkara zähmet guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak arkaly şertnama-hukuk binýady berkitmek, türkmen hünärmenleriniň bilimlerini ýokarlandyrmak, durmuş ulgamy boýunça hyzmatdaşlar bilen üznüksiz gepleşikleri üpjün etmek we guramanyň öňde duran çärelerine, hususan-da, Halkara zähmet konferensiýasyna taýýarlyk görmegiň meselelerine seredildi.

Bellenilerden başga, Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary alyp barmak we utgaşdyrmak maksady bilen guramanyň wekilini Aşgabatda bellemek barada türkmen tarapynyň teklibi maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda B. Andres türkmen tarapyna guramanyň hödürnamalaryny ulanmak arkaly Türkmenistanda zähmet bazaryny kämilleşdirmäge we düzgünleşdirmäge ýardam eden saparynyň netijeli geçmegine edilen hemaýatlar üçin minnetdarlyk bildirdi.