Ï Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk döredijiligi barada aýdyp berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk döredijiligi barada aýdyp berdi

view-icon 4647
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk döredijiligi barada aýdyp berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk döredijiligi barada belläp geçdi.

Türkmen halky — nusgawy ösüş ýoluny emele getiren, beýik şahsyýetleri dünýä beren halk. Şu ýyl ýurdumyzda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilip geçiler. Beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat bilen, şeýle hem halkymyzyň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Şahyr öz ynsanperwer garaýyşlary bilen her bir ynsana, bütin adamzada söýginiň, ählumumy sazlaşygyň dogry ýoluny salgy berýär. Bu gün Magtymgulynyň ömür-döredijiligini, edebi mirasyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işler örän möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeligini geçireris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Magtymguly Pyragy türkmen halkyny beýgelden, abraý-mertebesini dünýäde belende göteren nusgawy şahyrdyr. Men öz ýazan goşgymda: «Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna,//Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýmek bilen, beýik şahyryň dünýä dolan şan-şöhratynyň, belentliginiň bu gün türkmen halkynyň taryhyny, at-abraýyny, medeni mirasyny hem beýgeldýändigine buýsanjymy beýan etdim diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Beýik akyldaryň arzuwlan berkarar döwletiň täze eýýamynda türkmen döwleti gün-günden kuwwatlanyp, dünýäde abraýly ornuny has-da pugtalandyrdy. Bu üstünliklere dana Magtymgulynyň wesýetlerine wepaly halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, ata Watanyna bolan beýik söýgüsi bilen ýetildi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna hem gol çekdi. Bu başlangyçlary döredijilikli dowam etdirip, biz geljekde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirsek hem maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.