Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

view-icon 2378

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!

Ilki bilen, ýurtlarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda iberen hatyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini Özbegistanda giňden bellemek baradaky Kararymyz babatda Siziň pikiriňiz meniň üçin örän gymmatlydyr.

Ýaşlyk ýyllarynda gadymy Hywa şäherinde bilim alan hem-de türki we dünýä edebiýatynyň, medeniýetiniň ösdürilmegine bimöçber goşant goşan beýik şahyryň hiç haçan gymmatyny ýitirmejek eserleri, baý edebi mirasy biziň halklarymyzyň umumy ruhy genji-hazynasydyr. Magtymgulynyň ajaýyp, kalba ýakyn şygryýetinde özbek we türkmen halklarynyň doganlyk gatnaşyklarynyň, belent adamkärçilik häsiýetleriniň ýokary ussatlyk bilen wasp edilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň umumybilim berýän we ýokary okuw mekdeplerinde diňe bir Magtymguly Pyragynyň däl, eýsem, Azady, Mollanepes, Andalyp, Kemine, Zelili, Seýdi ýaly türkmen halkynyň beýik şahyrlarynyň edebi mirasynyň hem öwredilýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

Gadyrly doganym!

Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanyp, Özbegistanda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleri guramaga türkmen tarapynyň işjeň gatnaşjakdygyna umyt edýäris. Şol çäreleriň hatarynda ýaş ýerine ýetirijileriň arasynda “Magtymgulynyň goşgularynyň esasynda döredilen aýdymlary iň gowy ýerine ýetiriji” atly bäsleşigi geçirmek; Magtymguly Pyragynyň “Saýlanan eserlerini” hem-de onuň döredijiligi baradaky ylmy makalalaryň ýygyndysyny neşir etmek; kino we teatr sungatynyň ussatlarynyň gatnaşmagynda çeper filmi hem-de sahna oýnuny döretmek; “Özbek edebiýatynda we sungatynda Magtymgulynyň döredijiliginiň eýeleýän orny” atly halkara ylmy maslahaty ýokary derejede geçirmek meýilleşdirilýär.

Nusgawy şahyra bagyşlanyp geçiriljek bu çäreleriň Magtymgulynyň ýubileýine mynasyp goşant boljakdygyna ynanýaryn. Siziň, şeýle hem Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu ýubileý şu ýyl ÝUNESKO-nyň howandarlygynda dünýä derejesinde giňden belleniler.

Gadyrly dostum, Siziň bilen çäksiz hormat goýmaga esaslanyp tüýs ýürekden ýola goýlan dialogymyzyň mundan beýläk-de yzygiderli we netijeli dowam etdiriljekdigi şübhesizdir. Siziň ýurdumyza amala aşyrjak saparyňyzyň özara hyzmatdaşlygymyzyň has-da ösdürilmegine, bilelikdäki möhüm taslamalaryň, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size we Siziň ähli ýakynlaryňyza berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, Siziň alyp barýan hormata mynasyp işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.