Şu gün, 2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi J.MakGregor bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda, şu ýylyň martynda meýilleşdirilýän ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidiň Türkmenistana saparynyň guramaçylyk işleri, şeýle hem bu saparyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň öndürijilikli häsiýete eýedigi nygtaldy. Her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan taýýarlanylýan hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalary esasynda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar 2024-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň bilelikdäki taslamalarynyň meýilnamalaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.