Ï Aşgabatlylara kamera aýdym-saz agşamy sowgat edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatlylara kamera aýdym-saz agşamy sowgat edildi

view-icon 4105
Aşgabatlylara kamera aýdym-saz agşamy sowgat edildi
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Türkmen döwlet filarmoniýasynyň zalynda Döwlet simfoniki orkestriniň solistleriniň dördüsi: Selbi Öwezowanyň (fleýta), Didar Ýomudowyň (goboý), Ýusup Öwezowyň (klarnet), Mähri Orazowanyň (fortepiano) konserti boldy. Bu olaryň şeýle düzümde tomaşaçylaryň öňünde ilkinji gezek çykyşy däldir. Olaryň maksady – saz muşdaklaryna kiçeňräk we gaty çylşyrymly bolmadyk nusgawy eserlerden lezzet almaga mümkinçilik bermekdir.

Konsert Kamil Sent-Sansyň klarnet we fortepiano üçin sonatasy bilen tarapyndan açyldy. Fransuz kompozitorynyň sazynyň romantikasy diňleýjileriň köpüsine şahyrana täsir etdi, ýöne olar bu sazandalardan Astor Pýassollonyň tangosyna garaşýardylar, toparyň ýeke konserti hem şonsuz geçmeýär.

Bu gezek sazandalar tango tapgyry taryhyndan iki eser taýýarladylar. «1990-njy ýylyň tangosy» we «1930-njy ýylda kafede ýaňlanan tango» ýerine ýetirildi. 30 ýyldan bu tansyň özgerişiniň sebäpleri her bir diňleýjä düşnükli boldy.

Birdenem türkmen halk äheňleri bilen owadan bezelen mylaýym ýeňil saz ýaňlandy – ol Oraz Öwezowyň «Söýgi appassionatasydy». Kompozitor Oraz Öwezow klarnetçi Ýusup Öwezowyň atasydyr.

Hemişe bolşy ýaly, diňleýjiler sazlarda beýan edilen we dört sazandanyň peşgeş beren belent we täsirli duýgularyndan lezzet aldylar.