2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň habar berişi ýaly, Owganystanyň wekiliýeti dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat boldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere seretdiler.
Hususan-da, Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda iri göwrümli energiýa, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryna degişli halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly edilýän işlere seljerme berildi.
Şu nukdaýnazardan, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň we döwletleri birleşdirýän demir ýollaryň gurluşygynyň taslamalarynyň mundan beýläkde ösdürilmegi boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki tarapyň hem Owganystandaky desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmäge ýokary derejede taýýardygy beýan edildi.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem, Owganystanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlamak babatyndaky mümkinçilikleriň giňeldilmegine üns berdiler.
Taraplar iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda gepleşikleri mundan beýläkde yzygiderli dowam etdirmegi ylalaşdylar.