2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda Ilçi A. Annaýew parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň rumyn böleginiň başlygy Anketil-Karoli Kolçar bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşyk, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini we ýakyn geljek üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen tarapynyň başlangyjy bilen gurnaldy. Bu nukdaýnazardan, taraplar iki ýurduň arasynda parlamentler derejesinde oňyn özara gatnaşyklaryň bardygyny bellediler.
Taraplar esasy ünsi parlamentara gepleşikleri güýçlendirmegiň zerurlygyny bellediler. Iki ýurduň arasynda 2017-nji ýyldan bäri döredeilen türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň ähmiýetine ünsi çeken taraplar, ýakyn wagtda türkmen-rumyn dostluk toparynyň milli topar düzümini alyşyp, toparyň indiki duşuşygyny Aşgabat şäherinde şu ýylyň aprel ýa-da iýun aýynda guramak mümkinçiligine garamak barada ylalaşdylar.
Ilçi medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugruna geçende, 2022-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TURKSOY) hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde türkmen tarapynyň teklibi boýunça Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek teklibini ýygnaga gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldandyklaryny belläp geçdi.
Taraplar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek baradada ylalaşdylar.