2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda, ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek boýunça Hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisiniň çäklerinde Gurama agza-döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri mejlisiň işine gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň degişli wekilleri tarapyndan agzalan Konwensiýanyň çäklerinde durmuşa geçirilýän birnäçe maksatnamalar we taslamalar bilen tanyşdyryldy. Ýagny, Medeni dürlilik boýunça Halkara gaznasy, Norwegiýa tarapyndan maliýeleşdirýän ÝUNESKO-Aşberg taslamasy we Şwesiýa tarapyndan maliýeleşdirilýän maksatnamalar.
Agzalan mejlis ÝUNESKO agza-döwletleriň ÝUNESKO-nyň Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek baradaky Konwensiýasyny raýat jemgyýeyiniň gatnaşmagynda durmuşa geçirmäge ygrarlydygynynyň aýdyň subutnamasy boldy.
2021-nji ýylyň iýul aýynda ÝUNESKO-nyň Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek baradaky Konwensiýasy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan tassyklanyldy.