Ï Pakistanyň Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pakistanyň Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

view-icon 2843
Pakistanyň Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

Şu gün, 2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň, Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Irfan Ahmet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň başynda Ministriň orunbasary türkmen-pakistan dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge goşan goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi we bu wezipede işlän döwründe ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygynda täze ösüşleriň we üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.

Taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki esasynyň energetika pudagynda, hususan-da Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň durmuşa geçirilmegine ünsi çekdi.

Gepleşikleriň çäginde taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Pakistanyň Ilçisi Türkmenistanda alyp baran diplomatik işiniň dowamynda hemmetaraplaýyn hemaýaty we goldawy üçin Daşary işler ministrligine minnetdarlygyny bildirdi.