Ï «RŽD Logistika» Aşgabatdaky medeni we seýilgäh toplumy üçin gurluşyk serişdelerini getirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«RŽD Logistika» Aşgabatdaky medeni we seýilgäh toplumy üçin gurluşyk serişdelerini getirdi

view-icon 2104

Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we oňa ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagy, şeýle hem Aşgabadyň bir meýdançasynyň örtgüsi üçin Türkmenistana granit plitalar we bezeg elementler getirildi.

Rus öndürijisiniň gurluşyk serişdelerini getirip gowşurmak işini «RŽD Logistika» PJ-niň Sankt-Peterburg bölümi amala aşyrdy. Bu ýüki Oktýabr demir ýolunyň «Kupçinskaýa» bekedinden türkmen demir ýolunyň «Gypjak» bekedine çenli daşamak alty aýyň dowamynda birnäçe tapgyrda amala aşyryldy. Jemi 68 wagon gurluşyk serişdesi iberildi.

«RŽD Logistikanyň» hyzmatlary ýükleri gönüden-göni daşamakdan başga-da, wagonlar bilen üpjün etmegi, ýükleýiş eskizlerini işläp taýýarlamagy we makullatmagy, ýüküň wagonlarda berkidilmegini, şeýle hem «Kupçinskaýa» demir ýol menzilinde ýüklemek we düşürmek işlerini öz içine alýardy.

Bu «RŽD Logistika» PJ-niň Sankt-Peterburgdaky bölüminiň şu öndürijiden Türkmenistana plitkalary ibermek boýunça üstünlikli durmuşa geçiren ikinji iri taslamasydyr. 2021-nji ýylda bäş aýyň, ýagny iň gysga wagtyň dowamynda Türkmenistana 105 wagon ýük getirildi. Ýükçi şunuň ýaly taslamalara gatnaşmak üçin şahamça berlen mümkinçiliklere ýokary baha berýär, çünki ol Russiýanyň demirgazyk-günbataryndaky iri kärhanalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi we öndürijileriň daşary ýurda ýük ibermek mümkinçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär.