Ï Muzeý we kitaphana işgärleri ýaşlar üçin göçme sergi guradylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Muzeý we kitaphana işgärleri ýaşlar üçin göçme sergi guradylar

view-icon 2783
Muzeý we kitaphana işgärleri ýaşlar üçin göçme sergi guradylar

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda nusgawy şahyryň döredijilik mirasynyň çeperçilik, ynsanperwerlik, ahlak taýdan gymmatyny we ýurduň ýaş neslini terbiýelemekdäki aýratyn ornuny beýan edýän dürli çäreler geçirilýär.

Ýakynda Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Söwda we kooperatiw mekdebinde «Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda» atly Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň türkmen halkynyň milli baýlygyndaky esasy ähmiýetine bagyşlanan sergi gurady.

Magtymguly Pyragynyň sergide goýlan goşgular ýygyndylary we şahyryň çeper keşbini şekillendirýän suratlar ýaşlara Gündogaryň beýik söz ussady we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, beýleki halklaryňam edebiýatyna we sungatyna täsiri barada has köp maglumat almaga mümkinçilik berer. 

Serginiň açylyşynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde türkmen halkynyň beýik oglunyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän köp sanly dabaralar, şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň ylham beriji täsiri barada gürrüň edildi.

Kitaphananyň işgärleri Magtymguly Pyragynyň ýaşlarda watançylyk, gaýduwsyzlyk, dogruçyllyk we adyllyk ýaly häsiýetleri terbiýeleýän eserleri barada gürrüň berdiler.