Ï Aşgabatda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemi jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemi jemlendi

view-icon 5389
Aşgabatda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň guran «Ýylyň zenany» bäsleşigi her ýyl Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýär.

Däp bolşy ýaly, her welaýatdan we paýtagtymyzdan ýerli bäsdeşliklerde saýlanan işjeň zenanlar döwlet derejesinde çykyş edýärler. Şu ýyl täze Arkadag şäherinden hem bir zenan bäsleşige gatnaşdy.

Ýurdumyzda zenanlar dürli ugurlarda: telekeçilik işinde, döwlet, hukuk goraýjy edaralarynda, bilim, medeniýet we oba hojalygy pudaklarynda zähmet çekýärler. Mähirli ene we maşgala ojagynyň bikesi bolan zenanlar Garaşsyz, Bitarap Watanyň gülläp ösmegine goşant goşmak niýeti bilen täze hünärleri özleşdirmäge çalyşýarlar.

Işewürlik we jemgyýetçilik durmuşyna iň uly täsir edýän gözelleriň gazananlary ýedi ugurda bellendi. Netijede, «2024-nji ýylyň zenany» bäsleşigine görä, «Milli çeper senetçilik sungatyny gorap saklamak we ösdürmek üçin» baýraga aşgabatly Jennet Agaýewa mynasyp boldy. «Çagalary terbiýelemekde gazanan üstünlikler üçin» diýen ugurdan Arkadag şäherinden Enar Agaýewa öňe saýlandy.

Ahal welaýatyň ýaşaýjysy Bajy Ojarowanyň obany ösdürmäge goşan goşandy degişli ugurda bellendi. Balkan welaýatyndan Jennetgül Garajaýewa «Dünýäde ruhy gymmatlyklaryň we milli medeni mirasyň ýaýramagyna goşandy üçin» ugrundan ýeňiş gazandy. Mary welaýatynda Gülnar Muhammetgeldiýewa «Telekeçilikde we bazar ykdysadyýetini ösdürmekde gazanan üstünligi üçin» diýen ugurdan iň güýçli diýlip ykrar edildi. Lebap welaýatyndan Şemşat Kerimowa «Ýokary guramaçylyk ukyplary üçin» diýen ugurdan sylaga mynasyp boldy. Daşoguz welaýatyndan Maýagözel Amanyýazowanyň alyp barýan işleri «Ýurduň goragyny we jemgyýetde kanunyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmagy boýunça alyp baran işleri üçin» ugrundan kategoriýasynda bellenildi.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesine Türkmenistanyň Prezidentiniň minnetdarlyk hatlary we gymmatly sowgatlar gowşuryldy.