Ï Arkadag şäheri ösen binagärlik çözgütleriniň we ekologiýa howpsuzlygyň mekanydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäheri ösen binagärlik çözgütleriniň we ekologiýa howpsuzlygyň mekanydyr

view-icon 1543
Arkadag şäheri ösen binagärlik çözgütleriniň we ekologiýa howpsuzlygyň mekanydyr

Alty ýyl ozal aprel aýynda döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Köpetdagyň etegindäki gar ýaly ak belent binalaryň häzirki toplumyna seredeniňde, ekologiýa taýdan arassalygyň we rahatlygynyň nusgasy bolan bu pajarlap ösýän şäheriň döredilen gününden bäri şeýle gysga wagtda uly ýol geçendigine ynanar ýaly däl.

Ýurdumyzyň kartasyndaky bu ajaýyp täze dolandyryş birliginiň innowasion infrastrukturasy: şäherdäki ulag hereketini sazlaýan, pyýadalaryň ýol düzgünlerini berjaý etmegine kömekleşýän, ulag sürüjilerine boşan ýerler barada habar berýän ýokary tehnologiýaly awtoulag duralgasy, ýaşaýyş jaýlaryndaky täzeçillikler we başga-da köp zatlar onuň ezber adyna öwrüldi. Türkmeniň ilkinji «akylly» şäherinde ulanylýan ýaşaýşy üpjün edýän tehnologiýalaryň özboluşlylygyna ýigrimiden gowrak şahadatnama şaýatlyk edýär, bu ýerde tehnologiýalar, rahatlyk we binagärligiň tijegli gözelligi ýaşaýjylaryň gündelik işleriniň we durmuşynyň aýratynlyklarydyr.

Şunuň ýaly şahadatnamanyň ýene biri-de şu ýyl Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetinden alyndy: bu üstünlik güwänamasy Arkadag şäherine ekologiýa taýdan arassa şäher hökmünde berildi. Şäheriň infrastrukturasy gurluşyk işleriniň hilini, daş-töweregi abadanlaşdyrmagy we bag-bakja öwürmegi, şol sanda tebigat goragyna aýratyn hormat goýulmagy ýaşaýjylar üçin iň ýokary rahatlygy we amatlylygy üpjün edýär. Şäheriň häzirki zaman dünýä ülňülerine, ösen dünýä tejribesine we ilatyň ähli gatlaklarynyň talaplarynadyr zerurlyklaryna laýyklykda, ýokary medeniýetiň giňişligine öwrüljegi şübhesizdir.

Şäherde sessiz hem tüssesiz elektrik awtobuslary we taksileri dört ugur boýunça gatnaýar. Agaçlaryň bollugy, asudalyk, sürüjileriň mylakatlylygy we pyýadalaryň sypaýylygy, dagdaky ýaly arassa howa adamda hoş niýetler döredýär. Ýeri gelende aýtsak, köçeleriň ümsümligi, gök öwsüp duran ýerleri guşlary-da özüne çekýär, olaryň şadyýan jürküldisi, esasanam baharyň başynda gysga wagtlap bizde myhman bolup, Aşgabat şäher seýilgählerini hoş owazlar bilen doldurýan bilbilleriň saýraýşyny Arkadag şäherinde-de aýdyň diňlemek bolýar. Şäher etekleriniň birinden öri meýdanlarynda taýjagazlary bilen asuda otlap ýören baýtallara tomaşa etmek mümkin: taýlar bu ýere ter otdan iýmitlenmek üçin, şäher golaýynda ýerleşen Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumyndan çykarylýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy Arkadag şäheriniň ösüşi baradaky düşünjäni-de öz içine alýar, şoňa laýyklykda oba hojalyk önümçiligini we umumylykda oba hojalygyny döwlet ähmiýetli bu şäheri ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümiň ähli görnüşleri bilen üpjün etjek özbaşdak gurluş derejesine çenli ösdürmek meýilleşdirilýär.

Innowasion şäheriniň golaýynda alnyp barylýan oba hojalyk önümçiligi üçin öz ekologik ülňüleri bar: bag meýdanlary arassa, tertipli saklanýar we tebigata zyýan bermezden ulanylýar. Arkadag şäherine baryp görenler şäheriň ýagty, giň we howadyr Gün nurunyň köpdügini belleýärler. Ýollaryň we desgalaryň arasynda tokaý zolaklary bar. Bu ýerde adaty ýaprakly we pürli ösümliklerden başga-da kislorody işjeň döredýän giň ýaprakly görnüşler-de bar. Gurluşygyň birinji tapgyry tamamlanandan soň, müňlerçe adamyň ýaşamak we işlemek üçin, maşgalasy bilen göçüp gelen şäheri diňe bir ösen binagärlik çözgütleri taýdan däl, eýsem daşky gurşawyň howpsuzlygy we adam hakdaky alada meselesinde-de görelde bolup hyzmat edýär. Bu ýerde häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, mekdepler we ýaş nesliň gyzyklanýan ugurlary boýunça ajaýyp merkezler bar.