Ï Gahryman Arkadagymyz energetikany utgaşdyrmagyň we ulaglaryň baglanyşygynyň ähmiýeti barada aýtdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz energetikany utgaşdyrmagyň we ulaglaryň baglanyşygynyň ähmiýeti barada aýtdy

view-icon 2813
Gahryman Arkadagymyz energetikany utgaşdyrmagyň we ulaglaryň baglanyşygynyň ähmiýeti barada aýtdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynda energetikany utgaşdyrmagyň we ulaglaryň baglanyşygynyň ähmiýeti barada aýtdy.

«Türkmenistan pes uglewodly energetika geçmek arkaly energetiki utgaşmany amala aşyrmaga tarap strategik ugur aldy. Biz bu işde hem şeýle çemeleşmeler gerek diýip hasap edýäris. Munuň özi şu ýol bilen gitmäge çalyşýan döwletler üçin deň we birmeňzeş amatly şertleri kepillendirer. Bu döwletleriň energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary edinmegine şert döreder» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, dikeldilýän energiýa çeşmelerini doly ulanmak maksady bilen, öz howa we geografiýa taýdan artykmaç taraplaryny peýdalanmaga olara mümkinçilik berer.

« Häzirki döwür adaty energiýa çeşmeleriniň «ýaşyl» gün tertibine esaslanan täze çeşmeler bilen utgaşdyrylmagyny we sazlaşykly bolmagyny talap edýär. Bu ugurda biz «ýaşyl diplomatiýa» we dünýäde hyzmatdaşlyk etmegiň şeýle nusgasyny ileri tutmaga aýratyn orun berýäris. Bu nusgalar bilelikdäki jogapkärçilige, korporatiw we toparlaýyn bähbitleri ýeňip geçmäge, umumy bähbitlere we geljege hyzmat etmäge esaslanmalydyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ulag gatnaşyklary bilen bagly mesele boýunça hem Türkmenistan düşnükli we adalatly garaýşy döretmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Bu pudakda hyzmatdaşlyk çalşyp bolmaýan, bar bolanlarynyň üstüni ýetirýän täze ugurlary girizmäge gönükdirilip bilnerdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, şunuň bilen baglanyşykly, Türkmenistan Hazar we Gara deňzi sebitleriniň üstünden geçýän, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa-ýuwaş umman sebitlerini bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirýän, ylalaşylan kadalarda we ölçeglerde işleýän Ýewraziýa multimodal ulag we üstaşyr taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň pikirine görä, bu tagallalar düýpli syýasy-diplomatik goldawy, Birleşen Milletler Guramasy derejesinde goldanylmagyny we çözgütleriň kabul edilmegini talap edýär.

«Ine, şu hem ulag durnuklylygy we özara gatnaşyklaryň soraglary boýunça Türkmenistanyň başlangyçlarynda görkezilendir. Bu başlangyçlar bilen biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynda çykyş edýär we biragyzdan goldaw tapýar. Biz agza döwletleri diňe bir goldaw bermek bilen çäklenmän, bu rezolýusiýalaryň düzgünlerini kanunlaşdyrmagy gazanmaga, onda görkezilen täzeçe pikirleri we hyzmatdaşlygyň ugurlaryny iş ýüzünde ulanmakda öňe gitmäge çagyrýarys» diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.