Ï Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Milletler Guramasyna ählumumy howspyzlygy üpjün etmekde kömek bermäge çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Milletler Guramasyna ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde kömek bermäge çagyrdy

view-icon 2709

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynda  Birleşen Milletler Guramasyna ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde kömek bermäge çagyrdy.

«Birleşen Milletler Guramasyna ony esaslandyryjylar tarapyndan goýlan baş wezipesini – ählumumy parahatçylygy, deňhukukly hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün etmekde kömek bermeli. Bu biziň diňe ahlak borjumyz bolman, eýsem jogapkärçiligimiz bilen berk baglydyr» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň pikirine görä, beýleki halkara düzümleriniň we birleşikleriniň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmeli we Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmek hem-de dünýä gurluşynyň soraglarynda onuň sebit wekilhanalarynyň hem-de guramalarynyň ornuny we wezipesini ýokarlandyrmaly.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bu wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy guralydyr. Ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan, howpsuz we durnukly ählumumy gurluşy döretmäge gönükdirilen bitewi dialogy ýola goýmak üçin şertleri üpjün etmegiň aýrylmaz bölegidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň biragyzdan çözgüdi we sebitiň ähli döwletleriniň goldamagy bilen döredilen ştab-kwartirasy, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi muňa aýdyň mysal bolup durýar. 

«Biziň pikirimizçe, bu Merkez bar bolan we bolup biljek gapma-garşylyklary hem-de çylşyrymly ýagdaýlary çözmäge ulgamlaýyn çemeleşmegiň mysaly bolup biler» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz bitaraplygyň we onuň kadalarynyň, iş ýüzündäki usullarynyň halkara bileleşiginiň häzirki döwürde ulanýan mümkinçiliklerinden has işjeň hem-de giň bolmalydygyna ynanýarys. 

«Bitarap, toparlanyşyklara gatnaşmazlyk hukuk ýagdaýy harby güýji ulanmazlygy we dawalara gatnaşmazlygy göz öňünde tutýar. Şu garaýyşlara näçe köp döwlet eýerse, şeýle çemeleşmäniň tarapdarlary näçe köp bolsa, güýç ulanmak bilen gapma-garşylyklaryň döremek ähtimallygy şonça-da az bolýar» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.