Ï Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynda möhüm hökümet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynda möhüm hökümet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi

view-icon 3188
Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynda möhüm hökümet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi

2024-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä ABŞ-da ýaşan türkmen diasporasynyň wekilleri we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Brifingde Ilçi M.Orazow çärä gatnaşyjylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly kesgitlenilen möhüm wezipeler bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Şeýle hem, Ilçihananyň diplomatlary Türkmenistanyň hökümetiniň türkmen ýaşlary hakynda edilýän aladalar barada aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň esasynda alnyp baryljak giň gerimli işler, amala aşyryljak özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendigi bellenildi.

Talyplar we diasporamyzyň wekilleri öz gezeginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda okamak üçin döredip beren mümkinçilikleri, olar hakynda edýän ýadawsyz aladalary, halkymyzyň jebisligi we abadançylygynyň hatyrasyna edýän tagallalary üçin hoşallyklaryny bildirdiler.

Duşuşykda şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli meýilleşdiriläýn giň gerimli çäreler, onuň döredijilik işiniň ähmiýeti we halkara derejesinde öwrenilmeginiň zerurlygy barada çykyş edildi.