Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde däp bolan sergi-bäsleşik dabaraly ýagdaýda açyldy.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Her ýyl 8-nji mart baýramynyň öňüsyrasynda zenan suratkeşler türkmen halkynyň däp-dessurlaryny we medeniýetini, gyzlaryň, zenanlaryň, eneleriň gözelligini we elbetde, uzak garaşdyran baharyň gelşini wasp edip, iň gowy şekillendiriş sungat eserlerini halk köpçüligine hödürleýärler.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Sergi merkeziniň iki gatyny tutup duran «Gözellik döredýän zenanlar» sergisinde dürli görnüşlerde we usullarda ýerine ýetirilen köpsanly işler bar.
Suratkeşler, grafika, heýkeltaraşlyk, keramika, şaý-sepler we hünärmenler hem-de sungat we senetçilik höwesjeňleri tarapyndan döredilen dizaýn çözgütleri ýaryş eminleri we serginiň myhmanlary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän şu ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçirilýär. Şonuň üçinem suratlaryň köpüsi milli edebiýatyň ösmeginde wajyp orun tutan görnükli şahyryň mirasyna we şahsyýetine bagyşlanýar.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Suratkeşleriň we çeper döredijilik gurnaklarynyň okuwçylarynyň iň gowy eserleri Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Mundan başga-da, sergi-bäsleşige gatnaşyjylar – Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ýurdumyzyň Suratkeşler birleşiginiň hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Türkmenistanyň zenan suratkeşleriniň döredijilik işleriniň sergisi on gün dowam eder. Giriş tölegsizdir.
![]() |
![]() |






















